Türkmenistan «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň bosagasynda dur.
Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goramak, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şu halkara serginiň we ylmy maslahatyň esasy maksady bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de bu babatda wajyp ugurlar bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Bilim we sport ulgamlarynyň gazananlaryny birleşdiren däp bolan halkara sergi milletiň, ýurdumyzyň geljeginiň esaslaryny goýýan bu möhüm ugurlaryň sazlaşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl geçirilýän sergileriň her biriniň özboluşly häsiýete eýedigini bellemelidiris.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we bilim merkezleriniň wekilleri, okuw edebiýatyny hem-de gollanmalaryny öndürijiler bar.
Halkara sergisiniň beýleki bir mowzuklaýyn ugry sport bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgam hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmek arkaly görkezilýär.
Türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki abraýly ýaryşlarda gazanýan baýraklarynyň toplumy hem hemmelerde uly gyzyklanma döreder.
«Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň dünýäniň bitewi bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna, döwletimiziň sport edaralarynyň daşary ýurtlaryň degişli guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlaryň wagyz edilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň netijeli ulanmaklary üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ýardam edýän täsirli çärä öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere aýratyn üns berýär.
Halkara forum 2019-njy ýylyň 14-nji noýabrynda öz işine başlar.
«www.turkmenistan.gov.tm» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlanyldy.