Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleri çykyşlara başladylar. 28-nji iýulda 66 kilogram agram derejesinde çykyş edýän türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Edmilson Pedro bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda utuk gazanan bäsdeşimiz soňlugy bilen ýeňişli hasaby saklamak üçin işjeňlik görkezmedi. Munuň tersine türkmen pälwany ýeňşe bolan hyjuwy bilen garşydaşynyň hötdesinden gelmegi başardy. Işjeňlik görkezmändigi üçin angolaly türgen 3 gezek duýduryş alyp, ýaryşdan çykmaly boldy.
1/8 finalda ildeşimiz Serdar Rahimow braziliýali Willian Lima bilen duşuşdy. Bu ýerde göreş gyradeň ýagdaýda dowam edenem bolsa, turuwbaşdan duýduryş almagy türkmen dzýudoçysyny has tutanýerli göreşmäge we hüjüm etmäge iterdi. Emma tutluşyga girmekden gaça durup, türkmenistanly bäsdeşine hiç hili hüjümi amala aşyrmaga maý bermedik braziliýaly pälwan maksadyna ýetdi. Eminler ildeşimize işjeňlik görkezip, hüjüm etmändigi üçin bassyr 3 gezek duýduryş berdiler. Şeýlelikde, tutluşyk braziliýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. Willian Lime 2024-nji ýylda Daşkentde we Tbiliside geçirilen Gran-pri ýaryşlarynda bürünç medal gazanypdy. Serdar Rahymow bolsa Duşanbede guralan Gran-pri ýaryşynyň altyn medalyny gazanypdy.