Türkmenistanyň ýygyndysy Gresiýanyň Saloniki şäherinde geçirilen ýaşlaryň dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda söweş sambosy boýunça toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi. Türkmen türgenleri alty medal — üç altyn, iki kümüş we bir bürünç medal gazandylar.
Bu görnüşde ikinji orny Russiýanyň ýygyndysy eýeledi. Russiýaly türgenler iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medal, jemi bäş medal gazandylar. Üçünji orna Gruziýanyň ýygyndysy eýe boldy — bir altyn we iki bürünç medal. Ondan soňky orunlarda Gyrgyzystan, Gazagystan, Ukraina, Ermenistan we Özbegistan ýerleşdi.
Halkara sambo federasiýasynyň habar bermegine görä, Russiýanyň türgenleri ýetginjekleriň arasynda söweş sambosyndan başga ähli ugurlarda toparlaýyn birinjiligi eýelediler. Bu ugurda bolsa iň güýçli ýygyndy Türkmenistanyň milli topary boldy.
Ýaşlaryň dünýä çempionaty 2–4-nji oktýabr aralygynda «PAOK Sports Arena» sport toplumynda geçirildi. Bu ýaryş gatnaşyjylarynyň sany boýunça rekord goýdy: 40 ýurtdan 713 samboçy çykyş etdi. Bu ýaryşlaryň taryhynda iň köp gatnaşyjynyň bolan çempionatydyr. Jemi 55 medal toplumy ugrunda göreşildi we 25 ýurduň wekilleri medallara mynasyp boldular.