Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda daşary ýurtlaryň tanymal aýdymçylarynyň konserti guralar. Bu çäräniň esasy guramaçysy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetidir.
Öňde boljak konsertde çykyş etmek üçin ýurdumyza gelen sungat ussatlarynyň biri Russiýa Federasiýasyndan Nýuşa Şuroçkinadyr. Nýuşa Şuroçkina 2023-nji ýylda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy.
9-njy oktýabarda türkmen diňleýjilerine ruhy lezzet paýlajak daşary ýurtly aýdymçylaryň biri hem Türkiýe Respublikasyndan Hadise Açykgözdür. Türkmen diňleýjileri bu aýdymçy zenanyň aýdýan aýdymlaryny hem uly ruhubelentlik diňleýärler.
Ýene-de bir türkiýeli aýdymçy Murat Boz hem türkmen we dünýä diňleýjileriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdymçylaryň biridir.
Öňde boljak konsertde çykyş etjek meşhur daşary ýurtly aýdymçy zenanlaryň ýene-de biri liwanly arap zenan aýdymçysy Mariam Faresdir. Bu meşhur zenan şirin aýdymlary hem-de gözel sahna hereketleri bilen tomaşaçylaryň hemişelik köňlüne giren aýdymçydyr.
Häzirki wagtda konserti guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda konsertiň dolandyryş merkezi döredilip, taýýarlyk işleriniň barşy hemişelik gözegçilik saklanýar.
Petekler Aşgabat şäher häkimliginiň «www.ashgabat.gov.tm» resmi internet saýtynda we «Sanly şäher» ykjam goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy.