Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sambo boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty. Türkmen türgenleri 8 medal gazandylar

Gresiýanyň Saloniki şäherindäki PAOK Sports Arena sport toplumynda sambo boýunça kadetleriň, ýetginjek oglanlaryň, gyzlaryň, ýaşlaryň hem-de ýetginjek gyzlaryň arasynda 2–4-nji oktýabrda dünýä çempionaty geçirildi.

Ýaryşda jemi 55 medal toplumy ugrunda bäsleşik geçirildi. Oňa 40 ýurtdan 714 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşy 8 medal bilen jemledi. Olaryň 3-si altyn, 3-si kümüş we 2-si bürünç medallardyr.

Umumy medal sanawynda Russiýa Federasiýasynyň ýygyndysy birinji, Türkmenistanyň ýygyndysy ikinji, Özbegistanyň ýygyndysy bolsa üçünji orny eýeledi.

 ALTYN MEDAL (3 SANY) — SÖWEŞJEŇ SAMBO (ÝETGINJEK)
        Alihan Aýdogdyýew — 58 kilograma çenli agram derejesi;

Yslam Hemraýew — 71 kilograma çenli agram derejesi;

Malikberdi Begiýew — 98 kilograma çenli agram derejesi.

KÜMÜŞ MEDAL (3 SANY)

Jennet Hasanowa — sport sambosy, 16–18 ýaşly gyzlaryň arasynda, 65 kilograma çenli;

Rasul Jabraýylow — söweş sambosy, ýaşlaryň arasynda, 64 kilograma çenli;

Welmyrat Nepesow — söweş sambosy, ýaşlaryň arasynda, 88 kilograma çenli.

BÜRÜNÇ MEDAL (2 SANY)

Annammuhammet Annamuhammedow — sport sambosy, 16–18 ýaşly ýetginjekleriň arasynda, 64 kilograma çenli;

Dowrangeldi Kakabaýew — söweşjeň sambo, ýaşlaryň arasynda, 79 kilograma çenli.

www.sportcom.gov.tm