Soňky habarlar

Türkmen agyr atletikaçysy Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady

10.08.2024. Şu günler Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda 102 kilograma çenli agram derejesindäki agyr atletikaçylar medallar ugrunda bäsleşdiler. Şol ýaryşlarda Türkmenistana 23 ýaşly sport ussady Dawranbek Hasanbaýew wekilçilik etdi. Ol dörtýyllygyň esasy ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşdy.

Dawranbek Hasanbaýew şu ýylyň aprel aýynda Phuketde (Tailand) geçirilen dünýä çempionatynda 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazandy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 392 kg. agyrlygy (silkip götermek 187 kg, itekläp götermek 205 kg) göterip, 5-nji orny eýeledi.

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda Dawranbek Hasanbaýew silkip götermekde 180 kg, itekläp götermekde 190 kg göterdi. Şeýlelikde, ol 370 kg. netije bilen 10-njy orny eýeledi.

Bu agram derejesinde 22 ýaşly Olimpiýa çempiony, dünýä rekordynyň eýesi (iki görnüşiň jemi we itekläp götermek), 2023-nji ýylyň dünýä we Aziýa çempiony Lýu Huanhua (Hytaý) 406 kg (186 + 220) agrama hötde gelip, altyn medal gazandy. Özbegistanly Akbar Juraýew kümüş medala 404 kg. (185 + 219), belarusly agyr atletikaçy Ýewgeniý Tihonsow 402 kg (183 + 219) bürünç medala eýelik etdi.