Soňky habarlar

Döwranbek Hasanbaýew aýgytly ýaryşa taýýarlanýar

Meýillleşdirilen okuw-türgenleşik işleriniň dowam edenligi sebäpli tomusky Olimpiadanyň paýtagtyna — Pariž şäherine awgust aýynyň başynda gelen agyr atletikaçylarymyz aýgytly çykyşa taýýarlanýarlar. 102 kilograma çenli agramda çykyş edýän Dawranbek Hasanbaýew we onuň tälimçileri 10-njy awgustda boljak çykyşa ykjam taýýarlyk görýärler.

 Tälimçi Mansur Rejepow bilen gürrüňdeş bolanyňda-da, halkara derejeli sport ussady Dawranbek Hasanbaýew bilen pikir alşanyňda-da olaryň öňdäki jogapkärli ýaryşa talabalaýyk taýýarlanmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdýarlar. Ýöne sport ýaryşlarynda türgenleşikleriň we taktika boýunça taýýarlyklaryň netijesi diňe bäsleşik wagtynda mälim bolýar. Bizem 10-njy awgustdaky ýaryşda ildeşlerimiziň arasynda ilkinji bolup Olimpiýa ýollanmasyny gazanan türkmen agyr atletikaçysy D.Hasanbaýewe rowaçlygyň hemra bolmagyny arzuw edýäris.