Soňky habarlar

Eýfel diňi Olimpiýa oýunlaryna taýýar!

Olimpiýa oýunlaryndan 50 gün öň Eýfel diňine ullakan olimpiýa halkalary oturdyldy.

50 günden Parižde badalga beriljek tomusky  Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Eýfel diňinde bäş sany olimpiýa halkasynyň oturdylmagy planetanyň sport baýramynyň barha ýakynlaşýandygyny alamatlandyrdy.

Olimpiýa halkalary bilen bezelen diňiň öňünde ilkinji bolup Pariž şäheriniň häkimi Ann Idalgo surata düşdi.

Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda Eýfel diňine baryp görmek isleýänleriň sany barha köpelýär.

Diametri 9 metr bolan halkalar gaýtadan işlenen fransuz poladyndan ýasaldy. Agramy 30 tonna bolan halkalar binanyň günorta tarapynda oturdylyp, ol Sena derýasyna bakýar. Habar beriş serişdeleri Pariždäki Olimpiýa halkalarynyň 2012-nji ýylda Londondaky minarada oturdylandan has uludygyny, ýöne 2020-nji ýylda Tokiodaky Odaýbe gämi duralgasynda gurlandan has kiçidigini ýazýarlar.

www.euronews.com