Soňky habarlar

Pariž-2024: Olimpiýa oýunlarynyň medallary

Pariž şäherindäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş edarasynda  Olimpiýa oýunlarynyň we Paralimpiýa oýunlarynyň medallary bilen tanyşdyryldy.

1896-njy ýylda Afiny şäherinde geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryndan bäri gowşurylan 36 müň 600 medalyň hemmesinden tapawutlylykda, 2024-nji ýyldaky oýunlaryň medallary (altyn, kümüş we bürünç) Parižiň esasy nyşany bolan Eýfel diňiniň bir bölegi bolan metalyň bir ülüşjigini özünde saklar. 

2024-nji ýyldaky oýunlaryň guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange medallaryň özboluşly we gaýtalanmajak derejede bolmagy üçin şeýle karara gelnendigini düşündirýär.

Şaý-sepleri öndürmek boýunça ýöriteleşen we bütin dünýäde täsin döredijilik taslamalary bilen meşhur bolan «Chaumet» kompaniýasyna  bu pikiri durmuşa geçirmek tabşyryldy.

www.olympics.com