Soňky habarlar

Türkmenistan Parižde geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýar

Türkmenistanyň ýygyndysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna  gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz ýörite Karara gol çekmek bilen, Parižde geçiriljek XXXIII romusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk komitetini döretdi.

Türkmenistan bu ýokary derejeli sport forumyna oýunlaryň 9 görnüşi boýunça (boks, ýeňil atletika, agyr atletika, suwda ýüzmek, erkin göreş, grek-rim göreşi, 3x3 basketbol, dzýudo, pauerlifting) taýýarlyk görýär. Saýlama ýaryşlaryň synagyndan geçen türgenler Pariž Olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän zamanabap sport toplumlary we desgalary gurlandyr, milli ýygyndy toparlarymyz tejribeli tälimçileriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içinde we daşary ýurtlarda guralýan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.