Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmaga we syýasy düşünjeliligini artdyrmaga, döwletleriň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek işine meýletinçileri çekmegiň ähmiýetini giňden açmak maksady bilen «Bagtyýar ýaşlar — dostlaşsyn iller» atly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty alyp baran ministrligiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň hünärmeni M.Açylowa ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça amal edilýän işleriň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de maslahatyň öňde goýan maksadynyň ähmiýetini düşündirdi. Soňra Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda ýaşlar hakyndaky aladany ähli zatdan öňde goýýan milli Liderimiziň bu syýasatynyň many-mazmuny hakynda söhbet dildi. Şeýle hem, ýaşlar ugry boýunça Watanymyzyň başlangyjy bilen ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyna giňişleýin düşündiriş berildi.
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň wekilleri U.Kakaýewa hem-de M.Nurmuhammedowa ýaşlaryň köptaraply durmuş goraglylygy, TMÝG-niň bu ugurda alyp barýan işleri hakynda söhbet etse, Milli Olimpiýa sport köşginiň direktory N.Rejepow ýaşlar syýasaty boýunça durmuşa geçirilýän beýik işleri umumy utgaşdyrdy. «Türkmen sporty» gazetiniň wekili A.Myradow öz çykyşyny Arkadag Prezidentimiziň 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda bellän ýaşlar hakyndaky gymmatly jümleleriniň many-mazmuny bilen baglady. Çykyşlaryň her birinde türkmen ýaşlaryna bildirýän mukaddes ynamy üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.
"Türkmen sporty" gazeti