Soňky habarlar

Türkmenistanyň paýtagtynda «Moda hepdeligi -2022» geçirilýär

Türkmenistanyň öňdebaryjy dizaýnerleri we modelýerleri üçin «Aşgabat – dizaýn şäheri: Moda hepdeligi-2002» festiwaly açyldy. Paýtagtymyzyň Modlar öýünde ýerli brendleriň modaly güýz nusgalary we täze lybaslary görkezilýär.

Milli ýörelgelere eýerýän türkmen dizaýnerleri milli mirasy döwrebap, amatly ýörelgeler bilen sazlaşdyryp, täze egin-eşikleri we özboluşly lybaslary döredýärler. Şu jähtden «Türkmenistanda öndürildi» brendi diňe bir ýurduň içindäki alyjylar üçin däl, eýsem daşary ýurtly adamlar üçinem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Indi birnäçe gün bäri Aşgabadyň modaly lybaslar görkezilýän meýdançasynda täze biçüwli, nysakly we elde tikilen üýtgeşik lybaslaryň dürli görnüşleri görkezilýär.

Görkezilýän lybaslardan çen tutsaň, 2022-nji ýylyň güýzünde gyzyl, gülgüne, ýaşyl we mawy reňli lybaslar ýoň bolar. Lybaslara üýtgeşik görk berýän özboluşly we islegli keşdeleriň ozalkysy ýaly hyrydar kän.

Aşgabat modalar hepdeligi ilkinji gezek Türkmenistanyň ÝUNESKO- nyň işleri boýunça milli iş toparynyň howandarlygynda geçirilýär. Geçen ýyl ak mermerli paýtagtymyzy «Dizaýn» ugrundan ÝUNESKO - nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamyna goşmagy teklip edilipdi.

www.turkmenistan.gov.tm