9 – 24-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýondju şäherinde «UCI Level 2 Coaching Course» tälimçilik okuwy geçirildi. Okuw, Bütindünýä welosport merkezi (WCC) hem-de Koreýa Respublikasynyň welosport federasiýasy tarapyndan guralan ýaşlar üçin ýol welosiped ýaryşy bilen baglylykda geçirildi. Bu çärä Indoneziýanyň, Gazagystanyň, Kambojanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Pakistanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Okuwyň netijeleri boýunça Daşoguz welaýat sport mekdebiniň tälimçisi Emir Jumaýew üstünlikli synagdan geçip, halkara şahadatnamasyny aldy.
Welosipedçileriň halkara birleşigi (UCI) tarapyndan gurnalan bu 2-nji derejeli okuw, ýaşlar we ýokary derejeli türgenler bilen işleşýän tälimçileriň hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Okuw maksatnamasynda sport fiziologiýasy, tälimçilik tilsimleri, ýaryş usullary, maglumatlaryň seljermesi ýaly bölümler, şeýle hem ýolda amaly sapaklar girizildi.
Çäräniň çäginde üç tapgyrdan ybarat bolan ýaryşlar hem geçirildi. Olara Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýaş türgeni Daniil Nurlyýew gatnaşdy. Ol 21 kilometr aralygy bolan ikinji – dag tapgyrynda ýokary netije görkezdi. Bu tapgyrda ol 105 türgeniň arasynda birinji orny eýeläp, medal we kubok bilen sylaglandy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň welosport federasiýasy tarapyndan oňa «Iň gowy welosipedçi» diýen Hormat haty gowşuryldy. Üç tapgyryň umumy netijesinde Daniil Nurlyýew bäşinji orny eýeledi.