Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa Para oýunlaryna gatnaşar

Tomusky Aziýa oýunlaryny Türkmenistanyň ýygyndysy kümüş medallaryň 2-si bilen tamamlady. 18-nji oktýabrda bolsa  Ýaponiýada V Aziýa Para oýunlaryna badalga berilýär. 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabryna çenli dowam etjek bu bäsleşikde sportuň 18 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşiler.

Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek V Aziýa Para oýunlarynyň çäklerinde para pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Öňde boljak ýaryşlar türkmen türgenleri üçin möhüm tapgyr bolar. Olar halkara arenasynda öz ukyplaryny we ýeňşe bolan erklerini görkezmäge mümkinçilik aldylar. Para pauerlifting türgenlerden diňe bir ýokary fiziki taýýarlygy däl-de, eýsem, psihologik durnuklylygy hem talap edýär.

Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek iri sport ýaryşyna ykjam taýýarlyk gördüler. Ildeşlerimize V Aziýa Para oýunlarynda üstünlikleriň we  ýeňişleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

www.sportcom.gov.tm