Tomusky Aziýa oýunlaryny Türkmenistanyň ýygyndysy kümüş medallaryň 2-si bilen tamamlady. 18-nji oktýabrda bolsa Ýaponiýada V Aziýa Para oýunlaryna badalga berilýär. 2026-njy ýylyň 24-nji oktýabryna çenli dowam etjek bu bäsleşikde sportuň 18 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşiler.
Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek V Aziýa Para oýunlarynyň çäklerinde para pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar. Öňde boljak ýaryşlar türkmen türgenleri üçin möhüm tapgyr bolar. Olar halkara arenasynda öz ukyplaryny we ýeňşe bolan erklerini görkezmäge mümkinçilik aldylar. Para pauerlifting türgenlerden diňe bir ýokary fiziki taýýarlygy däl-de, eýsem, psihologik durnuklylygy hem talap edýär.
Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek iri sport ýaryşyna ykjam taýýarlyk gördüler. Ildeşlerimize V Aziýa Para oýunlarynda üstünlikleriň we ýeňişleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!