Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde tamamlanan küşt oýnunyň nusgawy görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen 3-nji Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri umumy toparlaýyn hasapda 6 medal bilen 2-nji orna çykyp, taryhy üstünlige eýe boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bu ýaryş sebitiň 425 zehinli ýaş küştçülerini bir ýere jemläp, oglan-gyzlaryň arasynda 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaş toparlarynda geçirildi.
Geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri 3-nji orna mynasyp bolupdy. Şu ýyl bolsa olar 2 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal bilen bir basgançak ýokary çykyp, diňe 16 medal (şolardan 6 altyn) bilen ýeňiji bolan Özbegistanyň toparyna ýol berip, 2-nji orny eýelediler.
Türkmenistanyň toparyndan altyn medallary gazananlar: 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Çaryhekim Çaryýew mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, şeýle hem 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Anna Çaryýewa mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk bilen ýeňiş gazandy. Çaryhekim paýtagtymyzyň «Küşt älemi» akademiýasynda tälimçi Aşyr Aşyrowdan tälim alýar, Anna bolsa Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebinde tälimçi Ejegyz Ýalkanowa bilen türgenleşýär.
Kümüş medala 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Maksat Awliýakulyýew mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplap, 12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Mary welaýatyndan Alyhan Batyrow (9 utukdan 7 utuk) we 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Lebap welaýatyndan Jahan Rejebowa (9 utukdan 7,5 utuk) dagy mynasyp boldular. Lebap welaýatyndan Nebahat Muradowa 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk gazanyp, bürünç medala eýe boldy.
Toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň toparyndan aşakda Gyrgyzystanyň (2 altyn we 4 bürünç medal), Gazagystanyň (1 altyn we 5 kümüş medal) hem-de Täjigistanyň (1 altyn we 1 bürünç medal) ýygyndylary ýerleşdi. Türkmenistanyň bu üstünliginiň aýratyn tarapy 15 türgen bilen çykyş edip, onuň 6-synyň medal gazanmagy ýokary netijeliligi görkezýär. Gyrgyzystanyň ýygyndysy 192 türgen bilen iň köp wekilli topar boldy. Özbegistan 129, Gazagystan 72 we Täjigistan 17 türgen bilen çykyş etdiler.
Şu ýylky ýaryşyň esasy aýratynlygy – onuň netijelerine görä, 18 ýaşa çenli küştçülere Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) karary bilen ussatlyk derejesiniň berilmegidir. Ýokarda atlary agzalan medalçylarymyzyň ählisine FIDE-niň sport ussatlygyna dalaşgäriň derejesi berlen bolsa, Jahan Rejebowa zenanlaryň arasynda «FIDE-niň ussady» diýen derejesine mynasyp boldy.