Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda aýdyň beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine hormatly Prezidentimiziň ýaşlar gurultaýynda gol çekmegi aýratyn mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar forumynda nygtaýşy ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bolup durýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taýýarlanmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bardyr. Ol ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary bilen duşuşyklarda we şu ýylyň 14-nji iýunynda ýaşlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine we degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmäge bagyşlanyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilen teklipler ýaşlary döwlet tarapyndan köptaraplaýyn goldamaga, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna, ylmy-tehnologik ösüşine we halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.