Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 3-nji sany mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda okyjylara gowuşdy. Şonuň üçin hem halkara žurnalynyň bu sanynda Garaşsyzlyk baýramyna bolan ýürek buýsanjymyzy, baýramçylyk gutlaglaryny, sport ulgamynyň wekilleriniň çykyşlaryny okap bilersiňiz.
Halkara sport neşiriniň täze sanynda sportuň dürli ugurlary boýunça gazanylan üstünlikler, halkara ýaryşlarynyň wakalary, ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan ýeňişleri hem-de sport jemgyýetçiliginiň möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleri giňden beýan edilýär. Şeýle-de, dünýä sportundaky täzelikler, tejribeler we ösüşler boýunça gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleri, dünýäniň sport ýyldyzlary barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Halkara sport žurnalyň täze sany arkaly okyjylar meşhur türgenler we tälimçiler hakyndaky çykyşlary okap bilerler. Onuň türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýändigi halkara sport žurnalyny islendik okyjy üçin elýeterli edýär.
Saglyk we sport biri-biri bilen aýrylmaz bagly düşünjelerdir. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda saglyk ulgamynyň işgärleriniň berýän maslahatlary hem ýerleşdirilip, her bir raýaty sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmäge çagyrýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga degişli ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge degişli makalalar hem okyjylary ýol-hereket kadalaryna ünsli çemeleşmäge çagyrýar. Žurnalyň sahypalarynda Olimpia oýunlarynyň taryhyndan söhbet açýan gyzykly sowallara hem orun berlipdir. 2028-nji ýylda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklardan söhbet açýan söhbetdeşlikler, makalalar, maglumatlar hem sport muşdaklaryny gyzyklandyrar diýip pikir edýärin.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylan üstünlikleriň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän zamanasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri okyjylar köpçüligine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.