Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar

Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde iki hepde dowam eden XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Toparyň ilkinji kümüş medalyny 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden karateçi Dawut Nazmyradow gazandy. Ol soňky tutluşykda eýranly türgen Morteza Nematadan 3:4 hasabynda asgyn geldi. Ikinji kümüş medaly 110 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow jemi 410 kilogram (188+222) agramy götermek bilen gazandy. Ol diňe ştangany silterläp götermekde dünýä rekordyny (197 kilogram) we Aziýa oýunlarynyň iki rekordyny – ştangany silterläp götermekde (226 kilogram) we iki görnüşiň jeminde (423 kilogram) goýan Tokio – 2020 Olimpiýa çempiony özbegistanly Akbar Juraýewden asgyn geldi

Umumy toparlaýyn medal sanawynda Türkmenistanyň ýygyndy topary medal gazanan 40 ýurduň arasynda 31-nji orny eýeledi. Nagoýa şäherinde geçen XX tomusky Aziýa oýunlarynda 71 ugur we sportuň 43 görnüşi boýunça 469 medal ugrundaky ýaryşda 45 ýurtdan gelen jemi 10 müň 800 türgen bäsleşdi. Türkmenistanyň wekiliýeti 57 adamdan, şol sanda sportuň sekiz görnüşi: boks, göreş, karate, kuraş, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu boýunça 35 türgenden ybaratdy.

1994-nji ýyldan bäri, türkmen türgenleri Aziýa oýunlarynda garaşsyz topar hökmünde dokuzynjy gezek çykyş edýärler. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň türgenleri üç altyn, 10 kümüş we 18 bürünç bolmak bilen, 31 medal gazandylar.

Indiki, XXI tomusky Aziýa oýunlary 2030-njy ýylda Kataryň Doha şäherinde geçiriler.