Ýaponiýanyň Naýago şäherinde Aziýanyň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleri we milli toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlary badalga aldy. Aziada Naýago şäherinde we Aýti prefekturasynda geçirilip, 4-nji oktýabra çenli dowam eder. Şu ýylky oýunlara 45 döwletden we sebitden, şeýle-de, bosgun türgenler gatnaşýar. Türgenler sportuň 43 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Bu bolsa 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny yklymyň sport durmuşyndaky iri wakalaryň birine öwürýär.
Baýramçylyk çäreleriniň esasy geçirilýän ýeri hökmünde durky täzelenen “Nagoya City Mizuho Park Athletic Stadium” saýlanyldy. Aziýa oýunlary Ýaponiýada üçünji gezek geçirilýär. Mundan ozal bu iri yklym sport forumyny 1958-nji ýylda Tokio, 1994-nji ýylda bolsa Hirosima şäherleri kabul edipdi. Häzirki Aziada Aziýa oýunlarynyň taryhyndaky 20-nji ýaryşdyr.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sport göreşi, kuraş, agyr atletika, boks, uşu, karate-do, suwda ýüzmek we ýeňil atletika ýaly 8 sport görnüşinde çykyş edýär. Türkmen türgenleriniň bu iri ýaryşa gatnaşmagy milli sportuň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypanyň açylmagyna şert döredýär.
Aziadadaky her bir çykyş milli toparyň abraýy ugrunda göreşmek, ýokary ussatlygy görkezmek we ata Watanymyza mynasyp derejede wekilçilik etmek üçin uly mümkinçilikdir. Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň sport meýdançalaryna iň gowy netijelerini görkezmek baradaky berk maksat bilen çykdylar. Öňde türgenlerimize dartgynly bäsleşikler, jogapkärli çykyşlar we ýurdumyzyň sportda ýeten sepgitlerini täze üstünlikler bilen baýlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikler garaşýar.
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Aziada-2026-da üstünlikli çykyşlara, ajaýyp ýeňişlere we ýokary netijelere garaşýarys!