Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Küşt boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhda birinji gezek dünýä reýtinginde ilkinji 50-lige girdi

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhy üstünlik gazanyp, ilkinji gezek Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň jemleri netijeleri boýunça taýýarlanan dünýä reýtinginde 50-nji orna çykdy.

Bu üstünlik ýygyndynyň soňky üç ýylyň dowamynda gazanan uly ösüşiniň netijesidir. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ýygyndy ortaça reýtingi 1528-e deň bolan öňdebaryjy 10 küştçi bilen 105-nji orunda ýerleşýärdi. 2025-nji ýylyň awgustyna çenli bu görkeziji 2038-e ýetip, ortaça reýting babatda 500 utukdan gowrak öňegidişlik gazanyldy.

Mundan öň Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň iň gowy netijesi 70-nji orunlaryň töweregidi. Şonuň üçin häzirki 50-nji orun Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň taryhyndaky iň ýokary netijedir.

Dünýä reýtinginiň başyny Hytaýyň ýygyndysy çekýär – olaryň ortaça reýtingi 2484. Ikinji orunda häzirki Olimpiýa çempionlary bolan Hindistanyň ýygyndysy ýerleşýär – 2412. Üçünji orun bolsa Ukrainanyň zenanlar ýygyndysyna degişli– 2383.