Soňky habarlar

Ýaşlar syýasatyna bagyşlanan maslahat

Maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurduna öwrülendigi  baradaky many-mazmunly çykyşlara baý boldy.

Bu ýerde ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ähmiýetli ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”  çäklerinde alnyp barlan we göz öňünde tutulýan çäreleriň ähmiýeti baradaky çykyşlar diňlenildi. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigi barada hem giňişleýin bellenildi.

Ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda halkara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigi we degişli döwrüň içinde köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn esasda halkara derejesindäki ylalaşyklaryň gazanylandygy bellenildi. Maslahata gatnaşyjylaryň ünsi “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipelere çekilip, türkmen ýaşlaryny hemişe goldaýan Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdyldy.

Berdimyrat SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty

ministrliginiň Ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin

 sport çäreleri bölüminiň baş hünärmeni.