Eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, sporty ösdürmek işinde hem sanly ulgamyň ornuna uly ähmiýet berilýär. Umuman, sanlaşdyrmak işiniň sport ulgamynda ornaşdyrylmagy bu ugurda ajaýyp netijeleri gazanmakda diýseň möhümdir. Çünki tehnologiýanyň görlüp-eşidilmedik ösüşlere eýe bolýan döwründe bu ugruň iň soňky tejribesine daýanýan türgenleşikleriň her bir böleginiň içgin hasaplamalara esaslanjakdygy öz-özünden düşnüklidir. Ulgamyň türgene aşa agram salmazdan, onuň yzygiderli kämilleşmegini gazanmak, galyberse-de, dürli sebäplere görä gowşamazlygyna ýol bermezlik ýaly aýratynlyklary gözegçilikde saklamakdaky mümkinçilikleri aýratyn bellemelidiris. Agramyň kadalylygyna ýokary derejedäki gözegçilik, kaloriýanyň hem-de taplanmagyň aýratynlyklary, psihiki durnyklylyk... bularyň ählisi sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda üçgin seljermek, hasaplamak mümkin bolan ýagdaýlardyr.
Galyberse-de, soňky ýyllarda iri ýaryşlar sanly ulgam bilen aýrylmaz baglylykda guralýar. Bu bolsa sportda adalatyň dabaralanmagyna getirýär. Aň-paýhas oýunlary boýunça bäsleşikleriň sanly aragatnaşyk arkaly guralmagy bolsa şeýle çäreleriň geçirilişini has ýeňilleşdirýär.
Elbetde, sanlaşdyrmak işiniň döwrebap derejede guralmagy döwletiň döwür bilen aýakdaş ösüşiniň alamatydyr. Şonuň üçin hem, şeýle ösüşlerimiziň ählisiniň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.