Soňky habarlar

Möwsümiň iň gowy görkezijisi

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňil atletika görnüşiniň 100 metre ylgamak ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýaryşlaryň deslapky tapgyrynda milli türgenimiz Walentina Meredowa 12.01 görkeziji bilen ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýarym finala çykmaga hukuk berýän tapgyrda Walentina Meredowa pellehanadan 11.95 sekuntda geçip, möwsümdäki iň oňat görkezijsini hasaba aldyrdy. Ýöne şol görkeziji ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji derejeli türgeni Walentina Meredowa soňky ýyllarda gatnaşan döwlet we halkara derejeli ýaryşlarda gazanan altyn, kümüş, bürünç medallary bilen sport janköýerleriniň arasynda meşhurdyr.

Täzegül AZIZOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.