Düýn Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň sport durmuşynyň möhüm wakasyna öwrülen ajaýyp sport baýramçylygynyň — «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy. Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlar, talyp türgenleriň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýaş türgenleriniň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabaranyň şowhunyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky degişli karary bilen badalga berlen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, olimpiýa hereketiniň we ýokary derejeli sportuň ösmegine we barha rowaçlanmagyna giň ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilýän sport ýaryşlary üstünliklere beslendi.
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen Spartakiadada Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji, Mary welaýatynyň ýygyndysy ikinji, Lebap welaýatynyň ýygyndysy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň 12 görnüşi boýunça geçirilen sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň hem-de paýtagtymyzdaky agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndylary eýelemegi başardylar. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda sportuň 23 görnüşi boýunça geçirilen Uniwersiadada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty birinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty üçünji boldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň 10 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary ýeňiji bolsa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndysy ikinji, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýygyndysy üçünji orna eýe çykdy. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça geçirilen pudaklaýyn Spartakiadanyň jemleýji ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndysy birinji orny elden bermedi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary ikinji, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti üçünji boldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sportuň 9 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda Aşgabat şäheriniň, Lebap hem-de Ahal welaýatlarynyň ýygyndy toparlary öňdäki üçlügi düzdüler.
Ýeňiji toparlara hormatly Prezidentimiziň ýörite baýraklary gowşuryldy. Bu dabara hakyky sport baýramyna öwrüldi.
Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy.