Täjigistanyň Tursunzade şäherinde geçirilen saýlama ýaryşlarynyň duşuşygynda «Ahal» toparynyň futbolçylary ýerli «Regar-TadAZ» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Täjigistanyň 2024-nji ýyldaky Kubogynyň eýesi bilen «Ahal» toparynyň arasyndaky Tursunzade şäherindäki Merkezi stadionynda geçirilen duşuşyk AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän möhüm duşuşyk boldy. Ýeňiji topar toparçalaýyn tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik alýarka, ýeňilen topar AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eder.
«Ahal» toparynyň bu ýeňşinden soň Türkmenistan ilkinji gezek bu ýaryşda iki topar bilen gatnaşar. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bilen bilelikde bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi hökmünde wekilçilik eder. «Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň yklym ýaryşyndaky garşydaşlary 15-nji awgustda geçiriljek bije çekişlikde kesgitlener.
Geçen möwsümden başlap, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) yklymyň topar ýaryşlaryny düýpli özgertdi we üç derejeli täze ýaryşlary girizdi: iň güýçli toparlar üçin niýetlenen AFK-nyň Çempionlar ligasy, ikinji derejeli AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasy we üçünji – AFK-nyň Çagyryş ligasy.
AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasy öňki AFK-nyň Kubogynyň ornuny tutýar. Bu ýaryşda türkmen toparlarynyň arasynda iň gowy netijäni 2018-nji ýylda «Altyn Asyr» topary görkezip, finala çykypdy.