Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary” atly sport ýaryşlary.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sportuň hemmeler üçin elýeter bolmagyna, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli işjeň meşgullanmagyna, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda sport ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» toýlary toýlara ulaşýan günlerinde ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle ýaryşlaryň biri hem 2025-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda ýurdumyzyň hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary” atly sport ýaryşlarydyr. Sportyň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilen bu ýaryşa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden şeýle hem, hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň 20-sinde talyplar sport toparlary gatnaşdylar. Diýseň gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlarda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn I orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty, II orny Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk instituty we III orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersiteti eýelemegi başardy.

Şeýle hem hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda I orna Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi, II orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi we III orna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi mynasyp boldy.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary” atly sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

Ýaşlaryň sportda täze belentliklere ýetmegi, gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagy babatda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.

“Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň baş hünärmeni Gülbahar Meredowa