Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Halkara mümkinçilikler giňeýär

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 23-27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde “Meýletinçiligi ösdürmek hem-de gender deňligini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy öňe sürmek” atly maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirlikleriniň we sport mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň, gender deňliginiň şeýle-de ýaşlarda liderlik häsiýetini ýüze çykarmagyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi biziň ýurdumyzda esasy ugurlaryň kesgitleýjisi hökmünde 2023-nji hem-de 2024-2025–nji ýyllarda ýetginjekleriň hem-de ýaşlaryň ugurtapyjylygyny ýüze çykarmakda ýaş nesliň sagdyn hem ruhy kämilliklerini gazanmakda öňe sürülen iň görnükli maksatnamalaryň biridir. Çünki ýaşlar öz joşgunlary bilen, sagdyn pikirleri bilen gelejegi ösdürmekde liderlik häsiýetine eýe bolmak, gelejegi sagdyn döwletde sagdyn ýaşlaryň mümkinçiliklerine ýol açmak ýaly meseleleriň has içgin seljermeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu günki gün ýurdumyzda we dünýä ýüzünde ýaşlaryň täze pikirleniş ukybynda dünýäniň täzeçilligini, ösüş aýratynlygyny ýüze çykarmaga gönükdirilen, şeýle-de gender deňliginde maksatnamalaýyn işiň alnyp barylmagynyň netijesidir.

Bu okuw maslahaty meýletinçilik ugurlaryny giňeltmek, welaýatlarymyzda meýletinçi ýaşlaryň üstünlikli gelejege bolan ajaýyp bir ilçiler bolmagyny gazanmak usullarynyň, ýurdumyzda ýaşlaryň gelejegine ýol açmakda sport we bedenterbiýe ugurlarynyň has kämil gatnaşyklarynyň täsirini görkezýändiginiň subutnamasy boldy. Işewür gatnaşyklaryna ýol açmak bilen birlikde , häzirki zaman döwrebap sagdyn durmuş şertlerini ýola goýmakda sagdyn hem-de parahat ýaşaýyşyň ugurlaryny kesgitlemekde meýletinçileriň ornunyň uludygyny bellemäge mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň esasy hünärmeni Täçsary Aşyrow