Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Aşgabat ilkinji gezek ITF «Level 2» derejesindäki sebitleýin tälimçilik okuwlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi

Türkmenistanda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) ýokary derejeli tennisçiler üçin «Level 2» sebitleýin tälimçilik okuwlary tamamlandy. Tälimçilik okuwlar Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirildi. Hut şu ýerde 2020-nji ýylda tälimçileri taýýarlamak boýunça başlangyç derejeli «Play tennis» okuw sapaklary, 2023-nji ýylda bolsa «Level 1» ýokary derejeli tälimçilik okuw sapaklary geçirilipdi. Indi bolsa bu ýerde ilkinji gezek ITF-niň hünärmen derejesindäki «Level 2» sebitleýin okuwlary geçirildi. Munuň özi, türkmen tennis toplumynyň Aziýa sebitinde «Okuw-türgenleşik merkezi» derejesini almagy bilen baglydyr. Degişli şahadatnama 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabaraly çärede Aziýada tennisiň ösüşi boýunça ITF-niň wekili Seýedamyr Borgheý tarapyndan gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

ITF «Level 2» derejesindäki tälimçilik okuwlaryna 15 tälimçi gatnaşdy – olaryň 11-si Türkmenistandan, galan 4-si bolsa Bahreýnden, Iordaniýadan, Saud Arabystanydan we Özbegistandan. Olar ýokary derejeli tennisçileri taýýarlamak boýunça öz hünär derejesini ýokarlandyrmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Okuwlaryň sapaklaryny Halkara tennis federasiýasynyň tanymal hünärmenleri – Eýrandan Seýedamyr Borgheý we Özbegistandan Igor Şelýakin geçirdiler.

12 günüň dowamynda gatnaşyjylar ITF-niň onlaýn akademiýasy arkaly 37 sany sanly-okuwlary tamamlap, kortda amaly oýunlar, aýratyn we toparlaýyn sapaklary geçirmek, synaglar we düzme ýazmak boýunça bäş sany synaga gatnaşmaga hukuk gazandylar. Eger-de olar bu synaglardan üstünlikli geçseler, onda olara halkara derejesindäki «Level 2» şahadatnamasy gowşurylar. Bu bolsa olaryň ýokary taýýarlyk derejesine eýedigini tassyklaýar we iri halkara ýaryşlarynda türgenlere wekilçilik etmek hukugyny berýär.