Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) merkezinde AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onda «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary kesgitlendi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bijäniň netijesine görä, Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» topary «B» toparçada «Al-Ahli» (Katar), «Andijan» (Özbegistan), «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen bäsleşer. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» topary bolsa «C» toparçada «Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa) hem-de «Mohun Bagan» (Hindistan) toparlary bilen bäsleşer.
Şu ýylky AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyry, öňki AFK-nyň Kubogy ady bilen tanalýan ýaryş, 22 döwletiň 32 toparynyň gatnaşmagynda geçiriler. Olar geografik taýdan iki zolaga – Günbatar we Gündogar zolagyna bölüner.
«Günbatar» zolagy
«A» toparçada: «Al-Wasl» (BAE), «Esteghlal» (Eýran), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Al-Wehdat» (Iordaniýa).
«B» toparçada: «Al-Ahli» (Katar), «Andijan» (Özbegistan), «Arkadag» (Türkmenistan), «Al-Haldiýa» (Bahreýn).
«C» toparçada: «Fulad Mobarake Sepahan» (Eýran), «Al-Husseýn» (Iordaniýa), «Mohun Bagan Super Gigant» (Hindistan), «Ahal» (Türkmenistan).
«D» toparçada: «Al-Nasr» (Saud Arabystany), «Al-Zawraa» (Yrak), «Istiklol» (Täjigistan), «Goa» (Hindistan).
«Gündogar» zolagy
«E» toparçada: «Pekin» (Hytaý), «Makartur» (Awstraliýa), «Taý Po» (Gonkong), «Kong An Hanoi» (Wýetnam).
«F» toparçada: «Gamba Osaka» (Ýaponiýa), «Nam Dinh» (Wýetnam), «Ratçaburi» (Taýland), «Eastern» (Gonkong).
«G» toparçada: «Bangkok United» (Tailand), «Selangor» (Malaýziýa), «Lion City Sailors» (Singapur), «Persib Bandung» (Indoneziýa).
«H» toparçada: «Pohang Steelers» (Koreýa Respublikasy), «BG Pathum United» (Tailand), «Kaya FC–Iloilo» (Filippinler), «Tampines Rovers» (Singapur).
Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabry bilen 24-nji dekabry aralygynda geçiriler. Her topar üç duşuşygy öýünde, üçüsini bolsa myhmançylykda geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän topar 1/8 finala çykar.
1/8 finalynyň duşuşyklary 2026-njy ýylyň 10 – 19-njy fewraly aralygynda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 3 – 12-nji martda, ýarym final duşuşyklary 7 – 15-nji aprelde, final duşuşygy bolsa 16-njy maýda geçiriler.