Tailand Patyşalygynyň uly Bangkok sebitiniň düzümine girýän Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda türkmen tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň üç görnüşinde altyn medallara we bir bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi. Oňa 12 ýurtdan, şol sanda Awstraliýadan, Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Singapurdan, Tailanddan, Türkmenistandan hem-de Şri-Lankadan 14 ýaşa çenli tennisçiler gatnaşdylar.
Bu halkara ýaryşda 13 ýaşly Ali Geldiýew türkmen toparynyň gazanan iki altyn medalynyň eýesi boldy. Ýaş olimpiýadaçylary taýýarlaýyş mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ali Geldiýew, ilki bilen, şahsy çykyşda ýeňiş gazandy, soňra bolsa jübütlikde 14 ýaşly A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikde üstünlikli çykyş etdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir altyn medaly gazanan türgen dördünji belgili 13 ýaşly Aýlara Kakabaýewa. Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlara Kakabaýewa halkara ýaryşda şahsy çykyşda bäş duşuşykda ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümindäki A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Anna Ponýatowa ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.