Soňky habarlar

Möhüm mowzukly okuw-maslahat

20 — 24-nji fewral aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň,  ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky sport mekdepleriniň tälimçileriniňdir hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Onuň esasy maksady meýletinçileriň arasynda gender deňligini wagyz etmek, sagdyn durmuş endikleri ösdürmek, duýgularyňa erk etmek, reproduktiw saglyk we hukuk baradaky düşünjeliligi artdyrmakdan ybaratdyr.

Degişli maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň sport mekdepleriniň tälimçileri bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde meýletinçileriň orny barada okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Şu gezekki okuw maslahatynyň birinji gününde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşlarynda gender deňliginiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, erkekleriň meýletinçilik işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin bellediler.

Dört gün dowam edýän okuw maslahatynyň dowamynda meýletinçiniň häsiýetleri we hili, adamlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, gender deňliginiň ähmiýetini wagyz edýän okuw sapaklaryny geçirmegiň zerurlygy we olaryň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle hem sport mekdepleriniň tälimçilerinden düzülen meýletinçi toparlaryň işiniň esasy böleginiň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek arkaly gender deňligini ilerletmek bolup durýandygy barada ýörite çykyşlar edilýär. Ýaşlaryň arasynda öňdebaryjylyk endiklerini ösdürmek, sportda öňdebaryjylary ýüze çykarmak baradaky çykyşlar okuw maslahatynyň deslapky günleriniň esasy mowzugyna öwrülýär.

Meýletinçilik hereketini ösdürmek bilen bagly meseleleri öz içine alýan sowal-jogaplar, pikir alyşmalar okuw maslahatynyň täsirliligini has-da artdyrýar. Okuw maslahatynyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylara we meýletinçilere ýörite şahadatnamalar gowşurylar. Bu ýerde ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzüm birlikleri bilen jemgyýetiň düşünjeliligini artdyrmak boýunça işleriň ilerlemeginde giňden ýol açýan Arkadagly Serdarymyza sagbolsun aýdylýar.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bölüm başlygy.