Soňky habarlar

Daşoguz welaýatynda bedenterbiýe mugallymlary bilen maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän orta mekdeplerde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen geçirilýän maslahatlar oňyn netijelerini berýär. Çünki şeýle duşuşyklar bedenterbiýe sapaklaryny has-da kämilleşdirmekde örän ähmiýetlidir.

Daşoguz welaýatynyň bilim ulgamynyň bedenterbiýe mugallymlarynyň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriň ýolbaşçylarynyň we tälimçileriniň, şeýle hem «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen usuly maslahat hem şeýle mazmuna eýe boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň jogapkär wekilleri,  «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň agzasy, şeýle hem, welaýatyň Daşoguz şäherindäki hem-de etraplaryndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary, sport mekdepleriniň tälimçi-mugallymlary çykyş etdiler.

«Türkmen sporty» gazeti.