Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän orta mekdeplerde zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen geçirilýän maslahatlar oňyn netijelerini berýär. Çünki şeýle duşuşyklar bedenterbiýe sapaklaryny has-da kämilleşdirmekde örän ähmiýetlidir.
Daşoguz welaýatynyň bilim ulgamynyň bedenterbiýe mugallymlarynyň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriň ýolbaşçylarynyň we tälimçileriniň, şeýle hem «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen usuly maslahat hem şeýle mazmuna eýe boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň jogapkär wekilleri, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň agzasy, şeýle hem, welaýatyň Daşoguz şäherindäki hem-de etraplaryndaky orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlary, sport mekdepleriniň tälimçi-mugallymlary çykyş etdiler.
«Türkmen sporty» gazeti.