Soňky habarlar

ÝAŞLAR — WATANYŇ BUÝSANJY

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlanyp dürli ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglanmagy. Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky köptaraply aladanyň we belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň arasynda sport üstünlikleri bilen Watanymyzy şöhratlandyran türgenleridir hünärmenleriň hem bolmagy guwandyryjydyr.

Polina GURÝEWA, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi:

 – Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilen ýyly türkmen sportunyň şöhratyny has-da artdyrdy. Maňa-da, şu ýyl Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu belent hormat biziň bütin maşgalamyz üçin uly bagtyň nyşanyna öwrüldi. Bu gün bolsa ýene bir hormatly ada mynasyp görülmegim örän begendirdi. Zähmetimize, yhlasymyza döwlet tarapyndan ýokary baha berilmegi bolsa bizi has-da uly üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýulduz JUMABAÝEWA, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy:

– Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakda edýän atalyk aladalarynyň netijesinde, bu gün ýaşyl Tugumyz belentde parlaýar. Şu ýylyň başynda Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habaryň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä çempionatynyň altyn medallaryny gowşurmagy, şeýle hem bu üstünligime we tälimçimiň zähmetine ýokary baha berip, bizi döwlet sylaglarydyr Şa serpaýlary bilen sylaglamagy ömrümiň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň biz – ýaşlar barada edýän aladalary bilen gurşalyp, ähli amatlyklary bolan sport desgalarynda türgenleşik geçýändigime tüýs ýüregimden buýsanýaryn.

Altyn GATYÝEWA, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň işgärler boýunça inspektory:

– Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda tapawutlanan ýaşlaryň uly toparyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Şol bagtyýar ýaşlaryň arasynda «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekili hökmünde maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň we hormatly Prezidentimiziň sowgadynyň gowşurylmagy diýseň buýsandyrdy hem-de jogapkärçiligimi artdyrdy.

Amanmyrat GOŞANYÝAZOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby:

– Her ýyl ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryna «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly adyň dakylmagy Diýarymyzda asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl şeýle hormatly adyň eýesi bolmak maňa-da nesip etdi. Ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, men hem taekwondo boýunça köp sanly halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanmagy, şol sanda üç gezek Aziýanyň çempiony we iki gezek Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň ýeňijisi bolmagy başardym. Zähmetimiziň şeýle hormatly at bilen derejelenmegi bizi diýseň begendirýär.

«Türkmen sporty».