Soňky habarlar

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk berkidilýär

2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly bilelikdäki maksatnamasyna badalga berildi. Bu çäräniň çäklerinde wideo aragatnaşyk arkaly maksatnamanyň Dolandyryjylar Komitetiniň birinji mejlisi geçirildi.

Doladyryjylar Komitetiniň ilkinji mejlisine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Bilelikdäki Maksatnamany amala aşyrmak boýunça Türkmen tarapyndan jogapkär edara hökmünde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi kesgitlenildi.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata gatnaşyjylar Bilelikdäki Maksatnamanyň çäginde ýaşlar syýasaty ugry boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramak we onuň garaşylýan netijelerine üstünlikli ýetmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

www.msy.gov.tm