Soňky habarlar

Ýulduz diýsek, üstünlige düşünýäris!

Her bir ynsanyň ömründe gaýtalanmaýan pursatlar bolýar. Är ömrüni ýaşanyňda agtyk-çowluklaryňy daşyňa üýşürip, ene bolsaň, «Gyzym» diýip, ata bolsaň, «Oglum» diýip, döretmek, gurmak üçin gysga, garaşmak üçin uzyn görünýän ömrüň dowamynda şaýat bolan buýsançly wakalaryňdan söz açyp, boý boýlarsyň. Dädem Gorkutdan miras galan bu däbi dowam edip, ömür boýy ýüregiňde göterip gezen, her gezek ýatlanyňda ýylysy diňe kalbyňa däl, eýsem bütin süňňüne ornap gidýän ýatlamalaryňy nesliň-neberäň bilen paýlaşarsyň. Olaryň bu ýörelgäni dowam etdirerini bolsa halys ýüregiňden islärsiň. Biziň şu günki bütin il bolup buýsanýan türgen gyzymyz ýaňy iki onlugy egninden aşyran günleri ähli türkmen nesline buýsanmaga esas boljak, işiň hötdesinden geldi.

Adatça türkmen halkynda hötdesinden gelmesi agyr iş amal edilse, «Är işini bitirdi» diýilmesi bardyr. Müçesiniň kiçidigi üçin daşyndan göräýmäge agyr atletkaçydyr öýütdirmeýän bu gyz türkmen halkynyň şanly-şöhratly taryhynyň gatynda orun alan edermen zenanlarymyzyň görüm-göreldesine eýerip, «dünýä çempionatynda «Är işini bitirdi». Şol wakanyň dabarasy bolsa dumly-duşa at saldy. Sanly tehnologiýalaryň parlap-pajarlap ösýän zamanasynda bu hoş habar, ýagny türkmen gyzynyň dünýä çempiony bolandygynyň «buşlugy» ilki elektron neşirlerde ýerleşdirildi, soňra habar beriş serişdeleriniň sahypalaryndan orun aldy.

«Ili türkmen, ady Ýulduz, medaly sap altyndyr» diýen sözbaşynyň bolsa, 300 ýyllyk şanly senesini bellemäge taýýarlanylýan Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary arkaly dilden-dile geçip, nakyla öwrülen jümleden alynmagynyň tötänlik däldigini bellemek gerek. Çünki sportda gazanylýan üstünlikler üstünden ýyllar geçse-de, könelmeýär. Gaýtam, şol ajaýyp ýeňişler hakyndaky gürrüňler, täze-täze wakalar bilen baýlaşdyrylýar. Biz muny türkmen agyr atletikasynyň taryhynda henize çenli görlüp-eşidilmedik netije gazanyp, 3 gezek dünýä çempiony bolan Altymyrat Orazdurdyýewiň mysalynda bilýäris.

Sakarçäge etrabyndaky muzeýde saklanýan agyr atletika daşlarynyň Hirosimadaky Aziýa oýunlaryndan soň Altymyrat Orazdurdyýewe guramaçylar tarapyndan sowgat edilmeginden başlap, ençeme buýsançly wakalar dilden dile geçýär. Entek internediň döremedik uçurlary hem buýsanjyna buýsanç goşýan wakalar «ýel äkidip, sil äkidip» nesilleriň hakydasynda ornapdyr. Bu günki gün bolsa internetiň mümkinçiligi edil ertekilerdäki göz açyp-ýumasy salymda menzil aşyrýan jadyly gahrymanlar kimin her bir şanly wakanyň dabarasyny «daglardan, derýalardan» aşyrýar.

Ýadyňyzda bolsa, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň yzysüre, ýagny 2017-nji ýylyň güýzünde ABŞ-da guralan dünýä çempionatynda Rejepbaý Rejebow bilen Kristina Şermetowa kümüş medal gazandy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek sportuň Olimpiýa görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirilip, türkmen gyzy Ýulduz Jumabaýewa kümüş medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, soňky çärýek asyra basalykly möhletiň dowamynda türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynyň hormat münberine çykyp ugradylar.

Olimpiýaçy türgenlerimiziň Tokiodaky Oýunlara taýýarlanyp, medal gazanmagy ýatsa düýşünde, oýansa huşunda görüp ýören günleri sportuň Olimpiýa görnüşi boýunça altyn medalyň eýesiniň Türkmenistanda ýaşaýandygy hakyndaky habar jümle-jahana doldy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimize ýollan hatlarynda bellenilip geçilişi ýaly, türkmenistanly agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Ildeşimiziň esasy bäsdeşi taýlandly ştangaçy gyz Sukharoeniň gadagan edilen serişde ulanyp çempion bolandygy ýüze çykarylansoň, türkmen topragynda çempionlaryň kemala gelýändigine jümleýi-älem şaýat boldy. 1993-nji ýylda Melburnda geçirilen dünýä çempionatynda Altymyrat Orazdurdyýewiň türkmen tugunyň astynda gazanan altyn medalyndan soň, Türkmenistanda ýene bir çempion kemala geldi. Bu ýeňiş diňe bir Ýulduz Jumabaýewanyň däl, eýsem, tutuş türkmen sportunyň ýeňşidir. Tokio Olimpiadasyna ykjam taýýarlyk görülýän uçurlary bu habaryň ähli türgenlerimizi ýeňşe ruhlandyrjakdygyny bolsa aýratyn bellemek gerek.

2021-nji ýylyň 10-njy martynda hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden dünýä çempionynyň medalyny aldy. Şeýle-de, oňa «Watan bolan söýgüsi üçin» medaly hem-de «Lexus LX 570 Sport Plus» awtomobiliniň açary gowşuryldy. Ýulduz Jumabaýewa bu üstünligiň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda hasaba alynmagynyň geljekki ýeňişlere badalga boljakdygyna ynanýandygyny gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän beýik ynamy diňe bir gürrüň edilen dabaranyň sebäpkäri Ýulduz Jumabaýewany däl, eýsem ähli türkmen türgenlerini ruhlandyrdy. Şonuň üçin hem ildeşlerimize geljekki çykyşlarynda rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edip, türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys. Çünki milli Liderimiziň yzygiderli aladalary her birimizde ynam döredýär. Bilşimiz ýaly, ynam – ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik bolsa ýeňşe barýan iň ygtybarly ýoldur.

Hojaberdi APBAÝEW,

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.