02.01.2020. Şu gün paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi öz gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar.
Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň owazy astynda ene-atalar, mugallymlar, Täze ýyl çykyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-saz toparlary, şeýle hem ertekileriň gahrymanlary Aýazbaba, Garpamyk hem-de 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk bilelikde oglan-gyzlary ugratdylar.
Bu ýere ýygnananlar ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi, ähli ýerlerde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy barada edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bu, öz nobatynda, berkarar Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň hem-de isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gökderäniň dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak hem-de boş wagty peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy.
Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter progammalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guraldy. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar.
Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza—Döwlet muzeýine, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Aşgabat” seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler taýýarlanyldy.
www.tdh.gov.tm