Soňky habarlar

«Berkararda» Aziýa çempionatyny mahabatlandyryş çäresi geçirildi

Häzirki wagtda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň mahabat işleri üstünlikli alnyp barylýar. 

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşigi 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda «Berkarar» söwda dynç-alyş merkezinde Aziýa çempionatyny mahabatlandyrmak çäresini gurady.

Bu şowhunly çärä türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary höwes bilen gatnaşdylar. Esasanam, çagalar we ýaşlar işjeňlik görkezdiler.

Geçirilen çäräniň dowamynda dürli ugurda guralan bäsleşikler mahabatlandyryş çäresiniň täsirliligini artdyrdy.

Sport ulgamynda mahabatlandyryş işleriniň geçirilmegi, dürli ýaşdaky raýatlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmekde uly ähmiýete eýedir.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.