Soňky habarlar

Türkmen türgenleriniň 2019-njy ýylyň 10 aýynda gazanan üstünlikleri

2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 10 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň» çäklerinde hem-de Halk Maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleriň dowam edýändigini habar berdi.

Mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, geçen dokuz aýyň içinde 140 medala, şol sanda, 37 sany altyn, 31 sany kümüş, 72 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Halkara ders olimpiadalarynda Türkmenistana wekilçilik eden talyplar bolsa, 36 medala, şol sanda 9 sany altyn, 11 sany kümüş, 16 sany bürünç medallara mynasyp boldular.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam edýär. Bu ulgamda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri artdyrylýar hem-de hili ýokarlandyrylýar, öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça uly işler geçirilýär.

2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanda sambo boýunça dünýä çempionatyna hem-de 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem-de Futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirildi.

Milli ýygyndy toparymyz 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin okuw-türgenleşik işlerini dowam edýär.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 136-sy, köpçülikleýin sport çäreleriniň 87-si geçirildi. Türgenlerimiz 161 sany halkara sport ýaryşyna, ýagny, dünýä çempionatlarynyň 28-sine, Aziýa çempionatlarynyň 35-sine we halkara ýaryşlarynyň 98-sine gatnaşyp, jemi 258 sany medal, şol sanda 85 sany altyn, 85 sany kümüş we 88 sany bürünç medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sport desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we Aziadany geçirmek boýunça toplanan tejribäniň ulanylyşyndan örän nägiledigini aýtdy. Biz sebitde deňi-taýy bolmadyk sport desgalaryny gurduk diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralaryny sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň hem haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

www.tdh.gov.tm