Soňky habarlar

Türkmenistanly okuwçylar Dubaýda altyn medal eýelediler

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 24-27-si aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «First Global Challenge 2019» atly robot tehnologiýalary bäsleşigi geçirildi.

Okeanlary arassalaýan robotlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige dünýäniň 190 döwletinden, şol sanda, Türkmenistandan topar gatnaşdy.

Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Ahmet Akyýew, Ahmet Amanow, Abraý Bakyýew, Ysmaýyl Berdiýew dagylar şol mekdebiň baýry mugallymlary Atamyrat Şahanowyň hem-de Berdimyrat Ýazhanowyň ýolbaşçylyk etmeginde özleriniň döreden «Oguz Robot» atly topary bilen bäsleşikde tta Watanymyz Türkmenistanyň adyndan çykyş etdiler.

Bäsleşikde robotlar inženerçilik gurluşyna, berlen işi doly ýerine ýetirip bilijiligine, çalasynlygyna, innowasion gurluşyna, şeýle hem howpsuzlygyna we toparlaýyn iş alyp baryjylygyna görä tapawutlandyryldy.

«Oguz Robot» berlen ýumuşlaryň ählisini üstünlikli ýerine ýetirip, altyn medal eýelemegi başardy.

Umuman alanymyzda, «Oguz Robotyň» bu ugurdan tejribesi bar. Ýadyňyzda bolsa, ol 2017-nji ýylda «First Global Challenge-iň» Meksikada geçen tapgyryna hem gatnaşyp altyn medal eýeläpdi.

Aşyr SAPAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň žurnalistika hünäriniň talyby.