Soňky habarlar

Ýaş nesil üstünliklere beslenýän menzilleri külterleýär

Hormatly Prezidentimiziň «Ogul-gyzlarymyzda çagalykdan başlap sport endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we sagdyn durmuşda ýaşamagynyň girewidir. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller üçin bolsa ýetip bolmajak sepgit, amala aşyryp bolmajak wezipe ýokdyr!» diýen sözlerinden ugur alyp, bu gün bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmagy gazanmagyň uly bölegi sport mekdepleriniň paýyna düşýär. Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebi hem  sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde, türgenleri halkara we milli ýaryşlara ýokary derejede ýetişdirmekligi baş maksat edinýär. Sport mekdebinde zähmet çekýän 16 sany ýokary derejeli tälimçilerimiz ýaşlary sporta höweslendirmekde, olaryň tejribesini artdyrmakda yzygiderli işler alyp barýar. Mekdepde sportuň grek-rim, jiu-jitsu, agyr atletika, söweş sambo, pauerlifting, erkin göreş sport görnüşleri hereket edip, geljekde sportuň ady agzalan görnüşlerinden tejribesini artdyrmak isleýän 417 sany türgen bu ýerde tälim alýar.

Milli we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlary bilen Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň türgenleri milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň, çeken zähmetiniň ýerine düşenligini subut edýärler. Ýakynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrunda oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen bu ýaryş hem türgenlerimiziň sport tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilik berdi. Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen Ýetginjekleriň arasynda Dünýa kubogynda türkmen türgenleriniň gazanan oňyn netijeleri hem bellärliklidir. Sportuň bu görnüşi boýunça çykyş edýän tejribeli türgenleri özünde jemlän bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

Sportuň Jiu-jitsu görnüşi boýunça oktýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň açyk birinjiliginde tapawutlanan türgenlerimiz bolsa noýabr aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Türgenlerimiziň şeýle halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy tejribelerini artdyrmaga oňyn şert döredýär.

Şeýle hem ýurdumyzda üstümizdäki ýyl sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Şol ýaryşda hem türgenlerimiziň baýrakly orunlary eýeländigi göz öňüne tutup, olaryň ussatlygyny, tejribesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň söweş sambo boýunça ýygyndy topary yzygiderli okuw türgenleşik ýygnanşygyna iberilýär. Türkmen sportyny belent sepgitlere ýetirmekde bimöçber işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň tutýan işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Maksat ABDYLOW,

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty

Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi.