Soňky habarlar

Maksadymyz sport arkaly ruhubelent ýaşlary kemal getirmek

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe sport guramasy tarapyndan ýurdumyzda sport çäreleri, şol sanda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralyp durýar. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn bedenli we kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky sargytlaryna mynasyp jogap bermek üçin durmuşa geçirilýän bu işler ýaşlaryň arasynda gyzgyn seslenme döredýär.

Şeýle çäreleriň biri 2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda guraldy. Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň we sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilýändigi mynasybetli, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlaryň arasynda guralan wagyz-nesihat duşuşygy täsirli geçdi. Duşuşykda çempionatyň üstünlikli geçjegine uly  ynam bildirildi.

Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesli çagalykdan sporta höweslendirmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň 128-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler bilen irdenki maşklary ýerine ýetirmek çäresi guraldy. Munuň özi körpe nesliň sporty saýlap almagyna we geljekde sporty hemra edinmegine täsirini ýetirer.

21-nji oktýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Arkadagly watansöýer, sagdyn nesili» atly wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Bu medeni-köpçülik çäresi hem oňa gatnaşan ýaşlarda ýakymly täsir galdyrdy.  

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde geçen «Sagdyn ýaşlar - ýurdumyzyň geljegi» atly wagyz-nesihat duşuşygynda hem sportuň peýdasy hakynda gürrüňler edildi. Hususanda, ýaşlaryň maksadaokgunly we ruhubelent bolmagynda sportuň ähmiýeti uludyr.

Mundan başga-da ýurdumyzda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyny ýokary derejede gurnamak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde gelýän myhmanlary gadyrly garşylamak we dil hyzmatyny ýola goýmak üçin Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde meýletinçileri saýlap-seçip almak işine hem gatnaşýar.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.