Soňky habarlar

«JANKÖÝER» (hekaýa)

Ataguly işden gelşi ýaly, törki tama, telewizoryň öňüne geçdi. Demlenip, basyrylyp goýlan çäýnegi öňüne alandanam, aňyrdan aýaly Täçje geldi-de, saçaga odur-budur daşaşdyryp ugrady. Soňundanam, «şeýtsemmikäm ýa şeýtmesemmikäm» diýýän ýaly, oýurganyp durdy-durdy-da, ahyrsoňy geçip, adamsynyň gapdalyna çökdi. Sesini çykarman, Atagulynyň ertirden bäri garaşa-garaşa ýeten futbolyna bimany nazaryny dikip oturyşyna-da, aram-aram içinden bir zatlar diýip, başyny ýaýkady.

Birbada aýalynyň hereketleri ünsüni bölse-de, soňlugy bilen ýene-de mundan müňlerçe kilometr alyslykda bolup geçýän futbol oýnunyň içine «girip gitdi».

Şol barmana-da duşuşykda oýunçy çalşyryldy. Düýrmegi bilen futbola berlip oturan Ataguly öz ýanyndan janykdy:

— Häk, ol gül ýaly oýnap ýör-ä. Çalyşjak bolsaň, hana, oýnap bilmän, bulaşyp ýören oýunçylaram kän-ä… Negözel oýunçyny nädäýdaý... Tälimçi bolaýşyňy seň…

Adamsynyň bolşy Täçje daýzanyň ünsüni özüne çekdi. Ol meýdançada nähilidir bir wajyp wakanyň bolup geçendigini aňyp, telewizora tiňkesini dikdi.

Şondan kän wagt geçmänkä, Atagulynyň janköýerlik edip oturan toparynyň tälimçisi ýene bir oýunçyny çalyşdy. Bu gezek welin tälimçiniň gelen netijesi Atagulynyňky bilen gabat gelen bolarly, ol makullaýjy äheňde gürledi.

— Hä, ine, munyň bolýa. Ertirden çalyşmaly-da şony.

Häliden bäri telewizora çiňerilip oturan Täçje daýza oýunçylaryň biriniň meýdançadan çykyp gidenini, soňam onuň ýerine başga biriniň girenini görüp, az salym sesini çykarman oturansoň, adamsyna sorag berdi:

— Gy-yýw, o näme etdikleri bolýa olaryň?

Ataguly aýalynyň ýüzüne seretdi.

— Näme, «näme etdikleri bolýa?»

Täçje telewizordan gözüni aýyrman soragyny gaýtalady.

— Nirä iberdiler, ojagaz oglany?

Ataguly sowuk jogap berdi.

Çalyşdylar.

Täçjäniň gözleri tegelendi.

— Hi-iýh, toba-a, çalyşdylar? O nähili çalyşdylar? Nämüçin?!

Ataguly janyýangynly gürledi.

— Oýnap bilmese, çalşarlar-da.

Täçje şondan soňam ýeň bermedi. 

— Ol, soňky giren näme, onsoň?

Ünsüniň bölünýänine jany ýansa-da, gara çyny bilen telewizora seredip oturşyna dözen däldir-dä, Ataguly bu gezegem aýalynyň soragyny boş goýmady.

— Ýaňky, oýnap bilmeýäne çalyşdylar-da şony.

Adamsynyň soňky sözlerini eşidip, Täçje daýzanyň ini tikenekläp gitdi. Gözleri tegelendi. Bir telewizora, birem adamsyna seredip, gözlerini elek-çelek edip oturyşyna, düwlen ýumrugyny dodagyna ýetirdi.

— Gy-yýw, bir bendäň çagasyny şeýdip, çalşyp goýberäýýälermi, yzyndakylardan soraman-etmän?!

Ýaňky aýdanlaryna aýalynyň özüçe düşünip, gözlerini tegeläp oturyşyny gören Ataguly degişjek boldy.

— Aý, soraşyp-geňeşip oturara wagt bamy nä? Hasyr-husur, şo taýdan ökderäk birini tapýalar-da, çalşyp goýberýäler.

Täçjäniň gözleri öňküsindenem beter tegelendi.

— Giden-gitdimi?

Aýalynyň ýüzüne seredip, gülmekden zordan saklanyp oturan Ataguly sesini çykarman, baş atdy.

Az salym sesini çykarman, telewizora seredip oturansoň, eşiden habary halys ýüregine sygmadyk Täçje turup, aşhana gitdi. Aşhanada-da «ýat ýurtlarda, ýat biri bilen alyş-çalyş edilip», boýnuny burup, meýdançadan çykyp barýan oglanyň keşbi gözüniň öňünden gitmedi. Gözüni bir nokada dikip durşuna, öz ýanyndan hüňürdedi.

— Alla saklasyn, heý, garamatyny boýnuňa alyp bir ýurtdan bir ýurda äkidibem, sähel pes oýnady diýip, bir bendäň çagasyny gabat gelen bilen almaşyp gaýdybermek bormy…

Esli wagtlap içini hümledip duransoň, näler ýüregi bolmaz öýtse-de, Täçje ýene-de baryp, adamsynyň ýanynda, telewizoryň öňünde çökdi.

Edil şol wagtam ýene-de bir oýunçy çalşyldy. Muny görüb-ä, Täçje daýza, şunça giňlige saljak bolsa-da, gürlemän durup bilmedi.

— Gy-yýw, bylaň yzyna gelýäni bir bamy? Gowy oýnanok diýip, çalşyp gidip otursaň bolmaz-a. Yzyndakylara jogap bermegem-ä gerekdir, o çagalaryň?

Ataguly bu gezek aýalynyň sözlerini gulagynyň duşundan geçirip goýberdi. Ýöne, kän wagt geçmän, Täçje ýene-de sorag berdi.

— Soň, yzyňa gaýtsa bolýandyr-a, onsoň?

Ataguly başdansowma jogap berdi.

— Aý, bilmedim… Öz düzgünleri bardyr-da. Ökdelänsoň, yzyna çalşyp bolýandyr-la…

Täçje şondan soň sesini çykarmady. Tä, duşuşyk tamamlanýança, adamsynyň ýanynda, telewizora tiňkesini dikdi oturdy… 

…Şol günden soň Täçje daýza adamsy bilen deňine  janköýerlik etmegi çykardy. Sonabaka dagy, adamsy ýokka-da, telewizory açanda futbola gabat geläýse, ähli işini bir gyra goýup, ýeke özi janköýerlik etdi. Düşünse-düşünmese, meýdançada bolup geçýän ýagdaýlardan gözüni aýyrman, telewizora çiňerildi oturdy...

…Atagulynyň gapydan gelenini görüp, Täçje daýza haýdaşlap, daş işige çykdy. Adamsynyň öňünde eýläk-beýläk gezmeledi. Içindäkini daşyna çykarman saklanmak näler kyn düşse-de, sesini çykarman, Atagulynyň: «Näme boldy?» diýerine garaşdy. Iň soňuna çenli çydam etdi. Äriniň şol arzyly soragy bermejegine halys gözi ýetensoň welin, ýaryldy. Adamsynyň ýüzüne ýarym öýkeli nazaryny dikip, dabaraly gürledi.

— Hytboldanam-a galdyň.

Ataguly aýalynyn ýüzüne mölerildi. Soňky günlerde telewizoryň öňüni elinden alyp barýan aýalynyň ýüzüne çiňerilip durşuna, näler beresi gelmese-de, jogaby özi üçin halys zerur bolan sowaly berdi:

— Hä?! O nämäň futboly? 

Täçje ýöwselledi. Sebäbi onuň üçin futbol meýdançasynyň o tarapyndaky kim, bu tarapyndaky kim, parhy ýok. Täçje üçin futbol dünýäsi bilen baglanyşykly ýeke-täk mesele, ýalňyz netije bar. Ony diňe şol gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem ol adamsynyň ýaňky sowalyny boş galdyrmaly boldy.

Ataguly sowalyny gaýtalady.

— Kim bilen kim oýnady? Nämäň futboly ol?

Täçje ahyrsoňy başdansowma jogap berdi.

— Waý, hytbol bolsa, hytbol bor-da. Kimleriň oýnaýany bilen gyzyklanyp oturan bamy gyz? Wagtynda öýe köwlenerler, kimiň oýnaýanyny bilesiň gelse. Şuňa-da adam pahyr bir zatlar aýdaýýar-a…

Ataguly şondan soň birsalym pikire çümdi. Şu gün nähili oýnuň bolmalydygyny hakydasyna getirjek boldy. Birdenem, başyny ýaýkap, buduna şapbatlady. 

— Häý, içigaragalmyş diýse… Portugallar oýnamal-a bu gün… Häk, ýadymdan çykaraýşymy diýsene…

Ol birdenkä aýalynyň ýüzüne çiňerildi. Şolar ýaly wajyp wakanyň şu öýde ýeke-täk şaýady bolup çykandygyna buýsanmakdan ýaňa gözlerini güldürip, özüne gopbamsy nazaryny dikip oturan aýalyna gyssanmaç sowal berdi:

— Nähili boldy, onsoň?

Ertirden bäri garaşyp oturan sowalyny eşidenden, Täçje elindäki käsesini ýerde goýdy. Şu süýji pursaty uzaltmak uçin, kinolarda edilişi ýaly, wagty süýndürmäge çalyşdy. Käsesini sypalap, az salym oturansoň, adamsynyň ýüzüne seredip, gussaly gürledi.

— Altysyny çalyşdylar.

Atagulynyň ýüzi uýtgedi.

— Nä­-ä-äme?

Adamsynyň bolşuny aýdan täzeliginiň täsirindendir öýden Täçje bu gezek pert-pert gürledi.

— Howwa-a, alty oglany çalşanlaryn-a gözüm bilenem gördüm. Arasynda, nahara seredeýin diýip, aşhana çykanymda dagy sypdyran bolaýmasam, şonça oglanyň çalşylanyn-a bilýän.

Aýalynyň aýdanlaryny diňläp, ondan hiç hili maglumat alyp bilmejegine gözi ýeten Ataguly şondan soň sesini çykarmady. Başga soragam bermedi. Diňe başyny ýaýkap oňaýdy.

— Hany, bar, çaý-paý bir al…

Diňe şondan soň Täçjäniň öňde-soňda etmedigini edip, adamsyna çaý-çörek bermegi-de unudandygy ýadyna düşdi. Ol adamsynyň bolşuna özüçe düşündi. Eden işine utandy. Ýöne, «ýagdaýyma düşünýändir-le, şo zatlary ýüregime sygdyrybilmän edýänimi bilip durandyr-la» diýip, özüni köşeşdirdi.

Täçje daýza saçaga odur-budur daşap ýörkä-de, şeýle wajyp oýny sypdyrandygyna jany ýanan Ataguly sesini çykarman, başyny aşak salyp, gözüni bir nokada dikdi oturdy. Muny görüb-ä, Täçje hasam erbet boldy. «Şolar ýaly agyr maglumaty aýdyp, adamsynyň ýüregini çişirendigine» öz ýanyndan gyýyldy.

Daşajak zatlaryny daşap, Täçjäniň özem saçagyň başyna geçdi. Özi üçin getiren çäýnegini öňüne alyp, çaýy üç ýola gaýtardy. «Şonça oglanyň «çalşylyp gaýdylanyny» ýüregine sygdyryp bilmän, ejir çekip oturan» adamsyny göz astyndan synlady. Indiki habarynyň Atagulyny hasam “çökeräýmeginiň” mümkindigi hakda pikirlenende, birbada ony aýtmakdan saklanaýsamam diýdi. Ýöne, adamsynyň şeýle wajyp maglumaty özünden eşidenini kem görmedi. Halys, alada galyp, elewräp ýörşüne, içini gepletdi: «Töwerekde özi ýaly, hytbola gyzygyp ýoreniň-ä sany-sajagy ýok. Onsoň, Nunna girrik ýalyň biri ýedi ýoluň ortarasynda öňünden çykaga-da, malçyldadyp, aýdyp goýberäýse, şonda näme? Ine, häzirem-ä, iýip-içip boldugy, öýde durmaz bi. Çykar gider, bir ýerlere. Baran ýerinde etjek gürrüňlerem ýene şol, hytbol baradadyr-da. Onsoň, goňşy oglanlar: «Mynyň-a, şo habary eşidip, çalam-çaş bolup ýatyberdi, indem, özüň eýelik edäýmeseň» diýip, getirip gitseler, oturarsyň-da, ýüzüne seredip. Şonda Atagulynyn özem: «Häý, Täçjäm, oňarmansyň, şo habary öýdekäm, özüňjik aýdan bolsaň, bir gynanardym, bir goýardym» diýip, hüňürdemese, zat bilmedigim…»

Täçje şu zatlary pikirinde aýlap oturyşyna, ahyrsoňy ýüregini bire baglady.

– Gy-yýw, beýdip, gynanyp oturmasana, indi… Sen şeýdip oturanyň bilen, üýtgeýän zat ýog-a…

Ataguly sesini çykarmady. Guýlup goýlaly bäri birinji gezek çaýly käsesine elini uzatdy.

– Aý, häzir oglanlaryň ýanyna barsam-a, bar zady bilerin-laý. Ýöne,  gözüň bilen göreniň ýaly bolaýanok-da…

Täçje bolşuna görä, adamsynyň gürrüňini alyp götermäge çalyşdy.

– Aý, şon-a görmäniň gowy bolaýmasa… Men-ä, şol oglanjyklaň birinem tanamak welin, şonda-da gaty hapa boldum. Seniň-ä adyny çenli bilip, aňyrsyna-bärsine belet bolup ýören oglanlaryň olar.

Ataguly aýalynyň soňky aýdanlaryna güljeginem, gaharlanjagynam bilmän,   ýüzüne bimany nazaryny dikip oňaýdy.

Adamsyndan ses çykmansoň, Täçje ahyrsoňy häliden bäri aýdybilmän oturan habaryna başlady.

– Gy-yýw, ynansaň bar-a, ol, çalşylanlaryň biriniň dagy, öwezine oglanam bermediler.

Aýalynyň ýagdaýyna halys belet bolansoň, Ataguly oýunda kimdir birine gyzyl petek berlip, meýdançadan çykarylandygyna düşündi.

– Gyzyl petek görkezendirler-dä.

Täçjäniň gözleri ýiteldi.

– Waý, howwa-a. Şo-ol, oglan çalyşýançy bar-a, üýtgeşik eşikli, ana, şol eline gyzyl bir zat alyp, ýokarda gaýmalatdy. Şondan soňam başlandy bir göz-gülbanlyk. Bärden bile baranlaram: «Iň bolmanda, ýerine oglan bir beriň-ä» diýip, baý özelendiler-ä. Ýüregiň daşdan bolaýmasa, şolaryň bolşuna dözer ýalam däl, gyz. «Üýtgeşik köýnek-lä» olaryň özelenmelerine sarsaýynam diýmedi. Ýerine oglanam bermän, alyp gitdiler onsoň, negözel çagany…

Ataguly şondan kän wagt geçmänkä, oýunda kimdir biriniň gyzyl petek alandygy barada aýalyndan eşiden maglumatynyň üstüni ýetirmek üçin, goňşularynyňka diýip, çykyp gitdi. Täçje daýza bolsa, «eşiden agyr habarynyň aşagynda ýegşerilip barýan» adamsynyň yzyndan seredip, esli wagtlap pikire çümdi oturdy…

…Ýa-ha halys, aýalynyň «janköýerliginden» ýadap, Atagulynyň özi «oglan çalşylyşykly gürrüňiň» üstüni açdy, ýa-da, bu ýagdaýy daşyndan synlap ýören çagalaryndan bir zatlar ýetdi, Täçje daýza şondan kän wagt geçmän, birdenkä «janköýerligini» goýdy oturyberdi. Ýöne, adamsynyň futbola tomaşa edip oturanyna gabat geldigi, sesini çykarman, bir gyra geçip, «näçe oglanyň çalşylýandygyny» sanap oturmasy welin, wagty bilen  galybermedi…  

 

Myrat HUDAÝGULYÝEW.   

 

 

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly. № 1, 2019