Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Dünýä çempionatynda Türkmenistandan üç boksçy çykyş eder

4 – 13-nji dekabr aralygynda Dubaýda (BAE) Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygy astynda geçirilýän Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan üç boksçy çykyş eder. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Bu ýaryşa taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy boksçulary Özbegistanda okuw-türgenleşik duşuşyklaryny geçirdiler, olaryň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparyň düzümi kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň habar bermegine görä, 60 kilograma çenli ýeňil agram derejesinde 25 ýaşly Ýhlas Gylyçjanow ýurdumyzyň adyndan çykyş eder. Ol 2017-nji ýylda 17 ýaşynda halkara ýaryşlara gatnaşyp başlady we Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň (ASBC) howandarlygynda ýaşlar arasynda Bangkokda geçirilen 2018-nji ýylyň Aziýanyň çempionatyna gatnaşdy.

71 kilograma çenli orta agram derejesinde 23 ýaşly Baýramdurdy Nurmuhammedow çykyş eder. Soňky iki ýylyň dowamynda ol Gazagystanda, Belarusda we beýleki ýurtlarda geçirilen birnäçe halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazandy, 2023-nji ýylda bolsa Hytaýyň Hangžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medal gazandy.

92 kilogramdan ýokary agyr agram derejesinde Gazagystanda Sagadat Nurmagambetowyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda güýjüni synap, gowy netijeleri görkezen 24 ýaşly Döwlet Yslamow milli ýygyndynyň düzümine girdi.