Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Türkmenistan Sport»  halkara žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy

Sport jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma bilen garaşylýan «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 2025-nji ýyldaky 3-nji sany Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda okyjylara gowuşdy.  Şonuň üçin hem halkara žurnalynyň bu sanynda ildeşlerimiziň Garaşsyzlyk baýramyna degişli  ýürek buýsançlaryna, baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berlendir.

Halkara sport neşiriniň täze sanynda sportuň dürli ugurlary boýunça gazanylan üstünlikler, halkara ýaryşlarynyň wakalary, ýurdumyzyň türgenleriniň üstünlikleri hem-de sport jemgyýetçiliginiň möhüm ähmiýete eýe bolan meseleleri giňden beýan edilýär. Şeýle-de, dünýä sportundaky täzelikler, tejribeler we ösüşler boýunça gyzykly makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de,   Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan alnyp barylýan işler, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleri, dünýäniň sport ýyldyzlary barada gyzykly maglumatlar beýan edilýär. Žurnalyň täze sany arkaly okyjylar, meşhur türgenler we tälimçiler bilen edilen söhbetdeşlikleri hem okap bilerler. Žurnalyň türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýändigi halkara sport žurnalyny islendik okyjy üçin elýeterli edýär.

Saglyk we sport biri-biri bilen bagly düşünje. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda saglyk ulgamynyň işgärleriniň berýän maslahatlary hem şuňa degişli bolup, bu iki düşünjäniň aýrylmaz baglanyşygyny görkezip, her bir raýaty sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmäge çagyrýar. Uzak ýaşamagyň hem sport bilen baglanyşyklydygy islendik ýaşdaky okyjy üçin gyzykly bolsa gerek.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga degişli ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge degişli makalalar hem okyjylary ýol-hereket kadalaryna ünsli çemeleşmäge çagyrýar. Žurnalyň sahypalarynda çaý başynyň güýmenjelerine — krosswordlara, skanwodlara, özüni synap görmek isleýänler üçin testlere hem orun berlipdir. 

 

www.sportcom.gov.tm