Uly sportda, diňe bir duşuşygyň netijesi bolman, eýsem köp ýyllaryň zähmetiniň, berk häsiýetiň, tutanýerliligiň we ýeňşe bolan ynamyň beýanyna öwrülýän pursatlar bolýar. Şeýle pursatlaryň biri Hytaýyň Sindaodao şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda ýaş türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewanyň ajaýyp ýeňşi gazanan pursady boldy.
Dünýäniň iri halkara ýaryşlarynyň birinde Türkmenistanyň wekili ýokary ussatlyk derejesini, ýeňşe bolan erkini we hakyky sport häsiýetini görkezdi. 57 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen final duşuşygynda Maýsa Pardaýewa fransiýaly türgen Marta Fawazy ýeňip, altyn medala mynasyp boldy.
Bu ýeňiş Maýsanyň diňe bir hususy sport ýolunda möhüm sahypa bolman, eýsem häzirki zaman türkmen dzýudosynyň taryhynda möhüm waka boldy. Şeýle uly üstünligi soňky döwürde diňe «Dushanbe Grand Slam — 2024» ýaryşynda Serdar Rahymow gazanypdy.
Ilkinji ädimlerden halkara ykrar edilmä çenli
Dzýudo diňe bir göreş sungaty däl, eýsem durmuş mekdebidir. Ol düzgün-tertipliligi, hormat goýmak medeniýetini, sabyrlylygy we kynçylyklary ýeňip geçmek ukybyny terbiýeleýär. Gysga wagtyň dowamynda halkara sport meýdançasynda özüni tanadan Maýsa Pardaýewa hut şu häsiýetleri özünde jemleýär. 21 ýaşly türgen eýýäm dünýä derejesindäki iri ýaryşlarda tejribe toplady. 2024-nji ýylda ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. Bu ýerde dünýäniň iň güýçli dzýudoçylary bilen güýç synanyşmak oňa uly tejribäni bagyş etdi.
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ýaş türgeniň ösüş ýolunda möhüm tapgyr boldy. Şeýle iri ýaryşlar diňe bir synag däl, eýsem dünýä sportunyň derejesini duýmaga, öz mümkinçilikleriňi bahalandyrmaga we täze maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Olimpiýa tejribesinden soň Maýsa Pardaýewa ynamly öňe gitmegini dowam etdi. Ulan-Batorda geçirilen «Uly tuwulga» (Grand Slam) tapgyryndaky bürünç medaly türkmen dzýudoçysynyň öz agram derejesinde geljegi uly türgenleriň biridigini ýene bir mertebe görkezdi. Sindaodao şäherindäki Gran-pri ýaryşynda gazanan altyn medaly bolsa onuň hünär babatda ösüşiniň täze nyşanyna öwrüldi.
Sindaodaodaky ýeňiş — häsiýetiň netijesi
Dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrlary dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemleýär. Bu ýerde tötänleýin ýeňijiler bolmaýar — her bir üstünlik gündelik türgenleşikleriň, berk taýýarlygyň we ruhy durnuklylygyň netijesi bolup durýar. Maýsa Pardaýewa altyn medala barýan ýolunda diňe bir tehniki ussatlygyny däl, eýsem iň jogapkärli pursatlarda ünsi jemläp bilmek ukybyny hem görkezdi.
Fransiýanyň wekili bilen geçirilen final duşuşygy häsiýetiň synagy boldy. Türkmen türgeni özüne bolan ynamyny, sabyrlylygyny we ýeňşe bolan islegini görkezmegi başardy. Hut şeýle häsiýetler hem hakyky çempionlary tapawutlandyrýar.
Los-Anželese barýan ýol şu günden başlanýar
Sindaoda geçirilen ýaryş aýratyn ähmiýete eýe, çünki bu ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda saýlama tapgyryň bir bölegidir. Halkara meýdançasynda gazanylýan her bir ýeňiş häzirki pursat geljekki Olimpiýa taryhyna goşantdyr. Maýsa Pardaýewa üçin bu üstünlik täze uly maksada barýan ýolda möhüm ädimdir. Olimpiýa oýunlary her bir türgeniň iň uly arzuwlarynyň biridir. Emma oňa barýan ýol köp sanly ýaryşlardan, ýeňişlerden, ýeňlişlerden, yzygiderli türgenleşiklerden we özüňi kämilleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki pursat ýaş türkmen dzýudoçysy hut şu ýoldan ynamly öňe barýar.
Bir türgeniň üstünligi — ýurduň sport ösüşiniň beýany
Maýsa Pardaýewanyň ýeňişlerini Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň umumy ösüşinden aýry göz öňüne getirmek mümkin däldir. Häzirki wagtda ýurtda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilýär, döwrebap sport düzümleri ösdürilýär, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan her bir üstünligi türgenleriň, tälimçileriň, hünärmenleriň we tutuş sport ulgamynyň bilelikdäki zähmetiniň netijesidir. Dzýudo bu ugurda aýratyn orun eýeleýär. Bu sport görnüşi hormat goýmak, ruhy güýç, özüňe gözegçilik we kämillige ymtylyş ýaly gymmatlyklary bilen türkmen milli däp-dessurlaryna hem ýakyndyr.
Türkmen sportunyň täze ýyldyzy
Maýsa Pardaýewanyň sportdaky hünär ýoly indi başlanýar. Onuň ýaşy, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak babatda tejribesi we häzirki güne çenli gazanan halkara netijeleri uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Şu günki gün onuň ady dzýudo muşdaklarynyň arasynda barha ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Ýöne her bir ýeňşiň aňyrsynda ägirt uly zähmet — köp sagatlyk türgenleşikler, kynçylyklary ýeňip geçmek we hemişe has gowy bolmaga bolan isleg durýar.
Sindaoda gazanylan altyn medal diňe bir ýaryşyň baýragy däl, bu türkmen dzýudosynyň ynamly öňe barýandygynyň, täze nesil türgenleriniň milli sport däplerini dowam etdirmäge taýýardygynyň aýdyň nyşanydyr. Maýsa Pardaýewa dünýä dzýudosynyň belentliklerine tarap ýene-de bir möhüm ädim ätdi. Bu ädim bolsa altyn ädim boldy.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.