Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

TÄZE ÜSTÜNLUKLERE TARAP

Şu ýylyň esasy sport wakalarynyň biri Türkmenistanyň welosport boýunça milli ýygyndysynyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Abu-Dabi» welosport klubynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda geçirilýän bu giň gerimli çäre eýýäm dördünji gezek guralýar. Şu ýyl BAE-den gelen toparyň düzüminde klubuň ýolbaşçylary, tälimçiler düzümi, tehniki işgärler we türgenler bilen bilelikde 28 adam bar.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda iki ýurduň tälimçileri we hünärmenleri özboluşly türgenleşik maksatnamasyny taýýarladylar. Türgenleşikleriň dowamynda türgenler we wekiliýet agzalary ýygnanyşygyň guralyşy baradaky tejribelerini höwes bilen paýlaşdylar. Myhmanlar öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen ýokary derejeli şertleri, şeýle-de, kabul edýän tarapyň myhmansöýerligini we mähirli garaýşyny biragyzdan bellediler. «Abu-Dabi» welosport klubynyň tälimçisi Wladimir Gusew öz tejribesi we geljekki meýilnamalary barada şeýle gürrüň berdi:

— Welosportda uly tejribä eýe bolsam-da, her gezek Türkmenistana dolananymda tüýs ýürekden begenýärin. Türkmenistana eýýäm bäşinji gezek gelýärin. Siziň ýurduňyz bilen ilkinji tanyşlygym 2010-njy ýylda bolupdy. Şonda «Katýuşa» atly professional toparyň düzüminde möwsümiň öňýanyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin gelipdik.

Welosipede bolan söýgim heniz iki ýaşymdaka ýüze çykdy. 10 ýaşymdan bolsa bu sportuň bu görnüşi bilen professional derejede meşgullanyp başladym. Uly ýaryşlar dünýäsine ilkinji ädimlerimi basan wagtlarym esasy halypam, sport ussady Alekseý Sidnew ýolgörkeziji bolup, meni sportuň täsin dünýäsine aralaşdyrdy.

 Häzir men 44 ýaşymda, welosport henizem ömrümiň esasy işi bolup durýar. Uzak ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň we Belgiýanyň abraýly ýaryş meýdançalarynda geçirilen iri ýaryşlarda çempionlyk derejelerine ýetdim.

Häzirki wagtda toplanylan baý tejribämi tälimçi hökmünde durmuşa geçirýärin we zehinli welosipedçileriň täze neslini terbiýelemäge çalyşýaryn. Bu gezek Türkmenistana 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli bolan geljegi uly türgenlerimizi getirdik. Olaryň her biri özboluşly, zähmetsöýer we ýokary netijä ýetmäge ymtylýar. Şeýle ýokary tehnologik infrastruktura eýe bolan sport toplumynda  türgenleşikleri geçirmek biziň üçin diýseň ýakymly. Bu ýerde türgenler üçin ähli zerur şertler döredilipdir: welotrekleriň örtüginiň hilinden başlap, oýlanyşykly logistika we lukmançylyk üpjünçiligine çenli ähli zat ýokary derejede ýola goýlupdyr.

Şonuň üçin hem bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geljekki ýaryşlara taýýarlygymyzda örän möhüm tapgyr boldy. Şu ýerde döredilen berk binýadyň toparymyza esasy halkara ýaryşlarynyň geçiriljek döwründe has ynamly çykyş etmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Biz guramaçylara ägirt uly zähmetleri we mähirli kabul edişleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Welosporty giňden wagyz etmekde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek we ösdürmek, şübhesiz, biziň hoşallyk bilen dowam etdirjek däbimize öwrüler.

Indiki saparymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Mähirli we myhmansöýer ýurt bolan Türkmenistana ýene-de gelmek bize ýakymly duýgulary bagyş eder.

Bilelikdäki türgenleşik işi türgenleriň professional ussatlygynyň hil taýdan ýokarlanmagyna ýardam berdi. Şeýle-de, ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly, medeni we diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm tapgyra öwrüler.

Taýýarlan Selim RASULOW,
žurnalist.