Sungat dilinde sözlemek ynsan ählini bir ýere jemleýän gudratly halatdyr. Liwanly aýdymçy zenan Marýam Fares bu babatda öz muşdaklarynyň arasynda «Sahnanyň şasy» diýen ada eýelik edýän ussatdyr.
9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilýän daşary ýurtlaryň tanymal aýdymçylarynyň konsertinde liwanly meşhur aýdymçy zenan Marýam Faresiň jadylaýjy aýdymlaryndan, owadan sahna hereketlerinden ruhy gözellik lezzetini almaga mümkinçilik bolar. Konsetiň petekleri onlaýn satuwda.
Marýam Abral Fares 1983-nji ýylyň 3-nji maýynda Liwanyň günortasyndaky Kfar Şellal obasynda dünýä inýär. Bäş ýaşynda baletiň jadyly dünýäsine aralaşyp, sahna durmuşyna ymykly girip gidýär. 9 ýaşynda liwan telewideniýesi tarapyndan guralan Gündogar tansy boýunça bäsleşikde ýeňiji bolýar. Milli sazçylyk akademiýasynda bilim alýar. Şondan hem sahnada yzy üzülmän gelýän üstünlikleri, aýdym-saz albomlary, klipleri dünýä ýaýrap başlaýar.
Ol häzirki wagtda Arap hem-de Gündogar ýurtlarynyň, şeýle hem dünýä diňleýjileriniň kalbyny eýelän tanymal sungat ussadydyr. Söýgä, dostluga, ynsanperwerlik duýgularyny ýugrulan aýdymlary bilen teşne kalplary lerzana salýan aýdymçydyr. Ýürekleriň törüne barýan ýakymly owazy bilen aýdýan aýdymlarynyň mukamyna görä sahnadaky hereketlerini inçeden sazlaşdyryp, her bir ädimini, her bir el hereketini sazyň akymy bilen utgaşdyryp ýerine ýetirmegi onuň öz sungatynyň muşdaklarynyň arasynda «Sahnanyň şasy» diýlip ykrar edilmegine ýol açdy.
Ýurdumyza şu hili dünýä ýüzünde adygan meşhur sungat ussatlarynyň konsert bilen gelmegi ildeşlerimiziň ruhy gözellik lezzetine teşneligini gandyryp, halklarymyzyň, döwletlerimiziň arasynda dowam edip duran dost-doganlyk, ynanyşmak gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, döwletimiziň alyp barýan medeni diplomatiýasynyň has-da giňden ýaýylmagyna mynasyp ýardam edýär.
9-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilýän daşary ýurtlaryň tanymal aýdymçylarynyň konsertine gatnaşyp, liwanly meşhur aýdymçy zenan Marýam Faresiň şirin aýdym-sazlaryna we owadan sahna hereketlerine muşdak boljak tomaşaçylar uzak wagtlap unudylmajak gözellik lezzetini we täsirleri alarlar.
Aýlar ÇÄŞEMOWA
Magtymguly adyndaky TDU-niň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby. «Türkmen sporty» gazeti.