Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Sanly ulgam bilen döwrebap ösüşe tarap

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty äh­li ul­gam­lar­da giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da hem hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bu ug­ra san­ly ul­ga­my giň­den or­naş­dyr­mak we onuň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hor­mat­ly Prezidentimiziň 2018-nji ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na», 2020-nji ýy­lyň 27-nji few­ra­lyn­da­ky Ka­ra­ry bi­len ka­bul edi­len «Elektron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­ny hem-de in­ter­net web-saýt­la­ry­ny dö­ret­mek we işe gi­riz­mek ha­kyn­da­ky» res­mi­na­ma­la­ra hem-de 2021-nji ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da­ky Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň mer­ke­zi eda­ra bi­na­syn­da hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­ni­ka­la­ry, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ri­len ser­wer­ler hem-de ýer­li kor­po­ra­tiw tor­lar or­naş­dy­ryl­dy. Bu bol­sa döw­let eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da mag­lu­mat alyş-çal­şy­gy­nyň aw­to­mat­laş­dy­ryl­ma­gy­ny we san­ly res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­nyň ne­ti­je­li gu­ral­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Şeý­le-de, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ko­mi­te­tiň res­mi saý­ty (www.sportcom.gov.tm) dö­re­di­lip, ol döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li tä­ze­le­nip du­rul­ýar. Elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan «Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­ron mag­lu­mat bin­ýat­lar ul­ga­my­nyň bir bi­te­wi teh­ni­ki ta­lap­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, «NA­MA» elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my or­naş­dy­ryl­dy.

2024-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan «2025-nji ýyl üçin san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­tir­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy» tas­syk­la­nyl­dy.

Bu me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, äh­li de­giş­li eda­ra­la­ra prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak we işe gi­riz­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Mil­li olim­pi­ýa sport köş­gi» (www.moskhj.com.tm), «Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my» (www.buz­ly­koshk.com.tm), «Olim­pi­ýa suw-sport top­lu­my» (www.suw-top­lum.gov.tm) we «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny (www.aks.gov.tm) ýa­ly sport des­ga­la­ryn­da on­laýn hyz­mat­lar işe gi­ri­zil­di. Şeý­le-de, Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýan sport mek­dep in­ter­na­tyn­da, Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­mak mek­de­bin­de, «Olimp» orta sport mek­debinde bi­lim ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan «mek­dep.edu.tm» san­ly ul­gam or­naş­dy­ryl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2020-nji ýy­lyň 27-nji okt­ýab­ryn­da­ky Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, mö­hüm mag­lu­mat inf­rast­ruk­tu­ra­la­ry­nyň ob­ýekt­le­ri­niň sa­na­wy dü­zü­lip, de­giş­li de­re­je­len­dir­me­ler ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, De­giş­li iş to­pa­ry dö­re­di­lip, äh­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ge­çi­ril­di. «Türk­men­por­tal» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­ron mag­lu­mat bin­ýat­la­ry ul­ga­my bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ola­ryň el­ýe­ter­li­li­gi we ki­ber­howp­suz­ly­gy üp­jün edil­ýär.

Şamyrat IŞANOW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.